Aşgabatda Çagalar tennis festiwaly geçirildi

SalamNews

2 Iýun, 2024

1

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy.

Festiwalyň maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe, sport bilen, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, çagalar hem-de ýaşlar sporty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

...Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatlary eserleriniň nusgalary görkezildi.

Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk tomaşa zalyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar we bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hemmeler dabaranyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, Halkara we Aziýa Tennis federasiýalarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaş türgenler we çagalar gatnaşdylar.

Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamany gowşurmak üçin Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili SeýedAmir Borghei sahna çykýar.

Güwänamanyň gowşurylmagy bilen gutlap hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çagalar tennis festiwalynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, jenap SeýedAmir Borghei şu günki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de tennisi ösdürmäge berýän uly goldawlary, möhüm goşantlary üçin HTF-niň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdi.

Soňra çagalar tennis festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Tomaşaçylaryň öňünde ýaş türgenler we tennis ussatlary görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Olar ellerindäki raketkalar bilen topy geçirmegiň haýran galdyryjy usullaryny, bu owadan oýnuň özboluşly tilsimlerini ussatlyk bilen görkezdiler. Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şatlygyny artdyrdy. Bu çykyşlara akrobatikanyň, ritmiki we çeper gimnastikanyň, sportuň beýleki görnüşleriniň öwüşginlerini özünde jemleýän umumy tansy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýän türgenler hem goşuldylar.

Soňra baýramçylyk çäresine gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çagalar tennis festiwalyna gatnaşyjylar türkmen sportunyň ösmegi, türgenleriň mynasyp derejede türgenleşmekleri, abraýly ýaryşlarda çykyş etmekleri ugrunda ähli şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýtdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews