Aşgabat hokkeý boýunça halkara ýaryşa taýýarlanýar

SalamNews

9 Aprel, 2024

Türkmenistan ýene bir abraýly halkara ýaryşy kabul etmäge taýýarlanýar. Ýene sanlyja günden — 15 — 20-nji aprelde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 1-nji martynda çykaran «Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyny geçirmek hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde utgaşykly işler alnyp baryldy. Şeýlelikde, bu işleriň degişli ugurlary jikme-jik kesgitlenildi we olaryň her biri boýunça netijeli ädimler ädildi.

Guramaçylyk işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan ýaryşy geçirmegiň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Bu resminama ýaryşyň geçiş tertibini anyk belleýär.

Häzirki wagtda ýaryşyň geçiriljek ýerinde — paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda ajaýyp ýaryşyň «howasy» aýdyň duýulýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň toparyna ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony bolan Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary wekilçilik eder. Bu barada «Türkmen sporty» gazetiniň şu ýylyň 6-njy aprelindäki sanynda aýdylýar.

Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryş sport ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň öňünde täze mümkinçilikleri açar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews