Iň uzak möhletli şertnama

SalamNews

4 Awgust, 2023

«Premier Liganynyň» başlanmagynyň öňüsyrasynda wise-çempion «Arsenal» baş hemaýatkäri «Emirates» bilen şertnamasynyň möhletini ýene-de 5 ýyllygyna uzaltdy.

Taraplar 2028-nji ýyla çenli täze şertnama baglaşdylar. Şunlukda, täze ylalaşykdan soň «Arsenal» bilen «Emirates» kompaniýasynyň arasyndaky şertnamanyň möhleti umumylykda 22 ýyl bolar. «Arsenal» kluby «Emirates» bilen 2006-njy ýylda şertnama baglaşypdy. Netijede, bu ýyllyk döwür iki «Premier Ligadaky» iň uzak möhletleýin köýnekçedäki mahabat şertnamasy bolar. «Emirates» kompaniýasynyň ady 2006-njy ýyldan bäri «Arsenal» toparynyň erkek, zenan hem-de akademiýa toparlarynyň köýnekçelerindäki esasy mahabat bolup durýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews