Astana aprelde gara bürendi

SalamNews

15 Aprel, 2023

Şu gün — 15-nji aprelde Gazagystanyň paýtagty Astana şäheri gara bürendi. Paýtagtlylar apreliň ortasyny gar bilen garşy aldylar.

Penşenbede — 13-nji aprelde paýtagtda 18 gradusa çenli maýyl howa bolandygyna garamazdan, ertesi — 14-nji aprelde üýtgäp durýan bulutly howa bolup, şemally ýagyş ýagdy. Ýagynyň soňy gara syrykdy. Tupanly garyň ýagmagy sebäpli ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin sebitiň käbir künjeklerinde ýollar ýapyldy.

Şäherde howanyň temperaturasy -7 gradus sowuk. Habarda howanyň sowuklygynyň -17 ýaly duýulýandygy mälim edilýär. Bu howanyň şäherde birnäçe gün dowam etmegine garaşylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews