Angliýanyň «Premeir Ligasy»: sanlar, rekordlar, statistikalar

SalamNews

11 Awgust, 2023

Dünýäniň iň öňdebaryjy milli ligasy hasaplanýan Angliýanyň «Premier Ligasynyň» täze möwsümine şu gün badalga berler. 1992-nji ýylda adyny üýtgedeninden soň dünýäniň iň köp tomaşa edilýän çempionatyna öwrülen «Premier Liganyň» 32-nji, Angliýanyň Ýokary Ligasynyň 125-nji möwsüminiň ilkinji duşuşygy 2 çempion – «Premier Liganyň» çempiony bilen 2-nji liganyň – «EFL Championship»-iň çempiony «Býornli» topary duşuşar. «Býornliniň» meýdançasynda geçiriljek duşuşygyň ýene bir ähmiýeti ýer eýelerine ozal «Mançester Sitide» ençeme ýyl oýnan Wensan Kompaniniň tälim bermegidir. Duşuşyk laýyk ýarygijede başlar we «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy arkaly hem görkeziler.

 Käbir statistikalar

  • «Premier Ligada» şu wagta çenli 7 kluba çempion bolmak başartdy.  Umumylykda bolsa bu görkeziji 24-e deňdir. Ýagny 1888-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Angliýanyň Ýokary Ligasynda ýüzlerçe klubuň arasyndan 24-sine çempion bolmaklyk bagty miýesser etdi.

  • Mundan öňki 124 çempionyň 29-sy Mançester şäheriniň wekillerine, 28-si Liwerpul şäheriniň, 21-isi bolsa paýtagt London şäheriniň wekillerine degişlidir. Ady agzalan bu 3 şäherden başga diňe Şeffild şäherinden 2 klub – «Şeffild Wenezdeý» bilen «Şeffild Ýunaýted» çempion boldy. Galan 41 çempionlyk 15 şäheriň 15 klubunyň arasynda paýlaşyldy.

  • Iň köp çempion bolan klub «Mançester Ýunaýtediň» 20, «Liwerpulyň» 19, «Arsenalyň» 13, «Ewerton» bilen «Mançester Sitiniň» hem 9 çempionlyklary bar.

  • Angliýanyň Ýokary Ligasynda şu möwsümi-de hasaba alanyňda iň köp möwsüm çykyş eden topar «Ewerton» klubudyr. Şu möwsüm «Liwerpul» şäheriniň wekiliniň 121-nji möwsümi bolar. Olar diňe 4 möwsüm Ýokary Ligada çykyş etmediler. «Aston Willa» 110, «Liwerpul» 109, «Arsenal» 107 möwsüm bilen öňdäki 4 orny eýeleýärler. «Mançester Ýunaýted» 99-njy, «Mançester Siti» 95-nji möwsümini geçirer.

  • «Arsenal» 98, «Ewerton» 70, «Liwerpul» 62, «Mançester Ýunaýted» 49, «Tottenham» 46 möwsümden bäri aşaky liga düşmän gelýär.

 «Premier Liganyň» dürli rekordlary

  • «Premier Liga» adyny alanyndan bäri «Mançester Ýunaýted» 13, «Mançester Siti» 7, «Çelsi» 5, «Arsenal» 3, «Liwerpul», «Bläkbörn» hem-de «Lester Siti» toparlary 1 gezek çempion boldular.

  • «Premier Liga» adyny alanyndan soň 6 klub ýeke gezek hem aşaky liga düşmedi. Olar «Arsenal», «Çelsi», «Ewerton», «Liwerpul», «Mançester Ýunaýted» hem-de «Tottenham» klublarydyr.

  • «Premier Ligada» (1992-nji ýyldan bäri) 50 klub çykyş edip, şu möwsüm çykan «Luton Tawn» topary 51-nji klub hökmünde hasaba alyndy.

  • «Premier Ligada» iň köp duşuşyk geçiren futbolçy Garet Berri bolup, ol 653 oýunda meýdança çykdy. Raýan Giggs 632 oýun bilen 2-nji, häzirki wagtda-da karýerasy dowam edýän Jeýms Milner 619 oýun bilen 3-nji ýeri eýeleýär.

  • «Premier Ligada» iň köp gol geçiren futbolçysy Alan Şirer 260 gezek derwezeleri sarsdy. Harri Keýn 213 gol bilen 2-nji ýeri eýelese, Weýn Runiniň 208 goly bar.

  • Bir möwsümde iň köp gol geçiren oýunçy Erling Holann bolup, ol ilkinji möwsüminde (2022/23) 36 gezek tapawutlandy.

  • «Premier Ligada» iň köp klubuň derwezesinden gol geçiren oýunçy Frank Lampard bolup, ol 51 klubuň 39-synyň derwezesinden gol geçirdi.

  • Iň köp penalti geçiren oýunçylar: Alan Şirer – 56, Frank Lampard – 43, Harri Keýn – 33.

  • Iň köp asist eden futbolçylar: Raýan Giggs – 162, Sesk Fabregas – 111, Weýn Runi – 103, Kewin de Bruýne – 102.

  • Iň köp duşuşykda gol geçirtmedik derwezeçiler: Petr Çeh – 202, Dewid Jeýms – 169, Mark Şwarser – 151.

  • Iň köp gyzyl kart alan oýunçylar: Riçard Dann, Dankan Ferguson, Patrik Wieira – 8 gyzyl kart.

  • Iň köp çempionlyk gazanan futbolçylar: Raýan Giggs – 13, Pol Skoulz – 11, Gari Nýuwell – 8.

  • Iň köp duşuşykda tälimçi bolanlar: Arsen Wenger – 828, Aleks Ferguson – 810, Dewid Moýes – 659.

  • «Bläkpul», «Barnsli» hem-de «Swindon Tawn» klublary diňe 1 möwsüm «Premier Ligada» çykyş etdiler.

  • «Premier Ligada» mundan öňki 31 çempionlygyň ýekejesinde iňlis tälimçileriň ady ýok. Çempionatda şotlandiýaly Aleks Ferguson 13, ispaniýaly Pep Guardiola 5, portugaliýaly Žoze Mourinio, fransiýaly Arsen Wenger 3, italiýaly Karlo Ançelotti, Antonio Konte, Roberto Mançini, Klaudio Ranieri, şotlandiýaly Kenni Dalgliş, germaniýaly Ýurgen Klopp hem-de çilili Manuel Pellegrini 1 gezek çempionlyk gazandylar. 

     

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews