«SalamNews-dan» transfer «bazaryna» syn: Kim? Nirä? Näme üçin?

SalamNews

21 Iýun, 2023

Pariž düzümini täzeleýär

Dünýäniň iň meşhur futbolçylarynyň biri bolan Neýmar topary — PSŽ tarapyndan ikinji möwsüm yzygiderli «satlyga çykarylýar». Geçen gezek topar futbolçynyň transferi üçin aşa köp pul talap edipdir. Emma bu gezek katarlylar azajyk talaplaryny gowşadypdyrlar. Maglumatlara görä, ýyldyzy bu tomusda 50 million dollardan hem arzan baha satyn alyp bilerler. Emma dünýäniň iň köp aýlykly futbolçysyny kim transfer edip bilerkä? Saud Arabystanynyň ligasynda çykyş edýän topar (haýsydygy belli däl) bolsa, Neýmara 400 million ýewrolyk hak hödürläpdir. Emma Neýmar entek Ýewropada oýnamakçy. «Barselona» ýyldyz oýunçyny transfer etmekçi boldy, emma toparyň maliýe ýagdaýy soňky ýyllar öwerlik däl. Şonuň üçin hem olar bu transferden ýüz öwürdiler. Şeýle ýagdaýda futbolçynyň özüniň «Mançester Ýunaýtede» geçmegi meýilleşdirýändigi nygtalýar. Iňlis topary üçin Neýmar aýlyk hakynyň azalmagyna-da razy. Şeýle-de soňky günlerde Neýmar Maýamide dynç alypdyr... Ol ýerde onuň ýakyn dosty Lionel Messiniň täze topary ýerleşýär. Biz Messiniň täze topary barada habar beripdik.

Pariž ýene-de bir ýyldyzyny satmakçy... ýene-de!

Kilian Mbappe ýakynda beren interwýularynyň birinde 2024-nji ýyly PSŽ-de geçirjekdigini, emma 2025-nji ýylda tamamlanýan şertnamasyny uzaltmajakdygyny aýdypdy. Emma Mbappeniň bir ýyl Fransiýada oýnap, soňam islän toparyna mugt geçmegi PSŽ üçin bähbitli däl. Eýsem parižliler «Pyşdyljyk Donatello» üçin 180 million ýewro töläpdiler. Şeýle-de Mbappeni iň köp aýlykly türgenleriň birine öwrüpdiler. Şonuň üçin hem tomusda Mbappeniň topardan gitmegi ähtimal. Oňa esasy dalaşgär hemişekisi ýaly «Real Madrid». Emma parižlileriň türgeniň Madride gitmegine ýol bermezligi mümkin. Şeýle ýagdaýda Mbappe iküç sany iňlis toparynyň dalaş edýändigi nygtalýar. Olar transferiň tölegini hem berip bilerler, futbolçynyň aşa uly aýlygyny hem töläp bilerler.

Harri Keýn nirä gider?

Ueýn Runiden soň Angliýanyň esasy futbol ýyldyzy we milli ýygyndynyň kapitany bolan Harri Keýniň bu tomusda toparyny täzelemeginiň ähtimallygy örän uly. Keýn ençeme ýyl bäri «Tottenhem» bilen kubok eýelejek bolýar. Emma toparyň dolandyryjylary, tälimçileri oňa bu maksady amala aşyrmaga mümkinçilik berenok. Indiki möwsümde bolsa Keýn asyl Ýewrokuboklaryň esasysynda çykyş etmez. Şeýle ýagdaýda Keýniň toparyny täzelemegine garaşylýar. Dünýä tälimçileriniň ählisi biragyzdan Keýni kemçiliksiz hüjümçi hökmünde häsiýetlendirýär. Şonuň üçin hem oňa dünýäniň ähli grandlary dalaş edýärler. Olaryň arasynda futbolça eýe çykyp biljekleri: «Real Madrid», «Bawariýa», «Mançester Ýunaýted». Geljek möwsümde biz Keýni bu üç toparyň biriniň köýnekçesinde görüp bileris.

Kämil ýarymgoragça dalaşgär kän

Tomusda ýarymgoragçylaryň arasynda esasy göreş Jud Bellingemiň üstünde boldy. Oňa birnäçe topar dalaş etdi. Saýtymyzda futbolçynyň «Real Madride» geçendigi baradaky habary siziň dykgatyňyza ýetiripdik. Bellingemden soň transferde esasy ýyldyzlaryň biri Deklan Raýsdyr. Konferensiýa ligasynyň ýeňijisine «Arsenal» bilen «Mançester Ýunaýted» dalaş edýär. Futbolçy üçin «West Hem» 100 million funt töweregi töleg geçirmeli bolar. Eýsem, ýerlikli goranyp, netijeli hüjüm edip bilýän daýaw ýarymgoragçy üçin bu tölenmejek pulmy?

Lester oýunçylaryny satmagyny dowam edýär

Ýuri Tilemans, Çaglar Söýünji, Amarti, Mendi, Bertran, Peres, Tete... bu ýyldyz futbolçylaryň ählisi Premýer-ligadan çykan «Lesteri» terk etdiler. Olaryň şertnamalary tamamlandy. Emma bu babatda Jeýms Medison aýratyn orunda durandyr. Futbolçy başga topara geçmese, indiki möwsümi «Lesterde» «Çempionşipde» geçirmeli bolar. Şeýle ýagdaýda Medisona «Nýukasl», «Tottenhem» we «Real Madrid» dalaş edýär. Futbolçy üçin 60 million funt töweregi çykdajy etmeli bolar.

«No-Look defending» nirä geçerkä?

«No-Look defending» (seretmän goranmak) goranyş usulynyň awtory Harri Maguaýr bu möwsümde topary «Mançester Ýunaýtediň» garşydaşlarynyň hasabyna oýnaýan ýalydy. Mysal üçin, Ýewropa ligasynyň ýarymfinalynda Sewilýanyň utmagyna ähli mümkinçilikleri döretdi. Seretmän top almaga synanyşygyndan soň futbolçynyň «Ýunaýtedde» galmazlygy örän ähtimal. Häzirki wagtda futbolça «Tottenhemiň», «Nýukaslyň» we «West Hemiň» dalaş edýändigi nygtalýar.

Saud Arabystanyň haçanam bolsa puly gutararmyka?

Saud Arabystany dünýäniň iň meşhur futbolçysy Kriştianu Ronalduny transfer edipdi. Ol häzir «Al-Nasrda» çykyş edýär. Ýyldyzyň bu liga geçmegi millionlarça adamyň arap futbolyna tomaşa etmegine getirdi. Emma araplar Ronaldu bilen çäklenenoklar. Olaryň Luka Modriç, Toni Kroos, Neýmar, Ziýeş, Kante, Di Mariýa, Lukaku, Son Hyn Min ýaly onlarça futbolçylary millionlarça pul haky bilen ýurduna çykyş etmäge çagyrýandygy bellenýär. Biz ýakynda täze güýçli liganyň döremegine şaýat bolup bileris.

Amerika — täze futbol merkezi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem Saud Arabystanyndan galmajak bolýar. Araplar Kriştanu Ronalduny transfer eden bolsa, amerikanlar, has takygy, Dewid Bekhemiň «Inter Maýami» kluby ýakyn wagtlarda Lionel Messini resmi ýagdaýda transfer eder. Emma Messiden soň hem Bekhemiň Serjio Busketsi, Žordi Albany we Di Mariýany transfer etmegi mümkin.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews