Ýaşlar toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi jemlendi

SalamNews

27 Dekabr, 2023

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy.

Jemleýji — 27-nji tapgyryň duşuşyklarynyň birinde «Nebitçiniň» ýaşlar düzümi bilen «Şagadam II» topary deňme-deň oýnady — 0:0. Tapgyryň beýleki duşuşygynda «Ahal II» myhmançylykda «Altyn Asyryň» ýaşlar düzümini 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, birinjiligiň jemi boýunça «Altyn Asyr II» topary bassyr bäşinji gezek çempionlyk derejesini gazandy. Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde «Ahal II» bilen «Aşgabat II» toparlary ornaşdylar. 

Duşuşyklaryň tamamlanmagy bilen, paýtagtymyzdaky «Sport toplumy» stadionynda ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy guraldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen sylag gowşurylyş dabarasynda birinjiligiň jemi boýunça öňdäki üç orny eýelän toparlara baýraklar gowşuryldy. Degişli Kubogy hem-de medallary gowşurmak TFF-niň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Berdimyrat Nurmyradowa ynanyldy.

 27-nji tapgyryň duşuşyklary:

  • «Altyn Asyr II» – «Ahal II» – 0:1

  • «Nebitçi II» – «Şagadam II» – 0:0

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews