«Al Hilal» «Al Nassrdan» üstün çykdy, Ronaldunyň goly hasaba alynmady

SalamNews

2 Dekabr, 2023

Saud Arabystanynyň çempionatynda 15-nji tapgyrda 2 öňdebaryjy klub duşuşdy. Çempionlyk ugrunda 1-2-nji orunlarda barýan «Al Hilal» bilen «Al Nassr» toparlarynyň duşuşygy çekeleşikli hem-de dartgynly geçdi.

1-nji ýarymy golsuz geçen oýunda ýer eýeleri 3-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Er-Riýad derbisiniň gollaryny toparyň serbiýaly ýyldyzlary geçirdi. Oýnuň 64-nji minutynda Sergeý Milinkowiç-Sawiç hasaby açdy. 90-njy we 90+2-nji minutlarda-da Aleksander Mitrowiç tapawutlanyp, toparyna uly hasaply ýeňiş gazandyrdy. Duşuşygyň 76-njy minutynda «Al Nassryň» super ýyldyz Kristianu Ronaldunyň geçiren owadan goly jedelli ýagdaýda ofsaýd diýlip ýatyryldy.

Şunlukda,bu ýeňişden soň «Al Hilal» 2-nji ýerdäki «Al Nassr» 7 utuk öňe saýlanmagy başardy. «Al Nassr» topary bolsa çempionatda 12, umumylykda-da 21 oýundan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Bu olaryň çempionatdaky 3-nji ýeňlişi hökmünde hasaba alyndy.

Žorže Žežuşyň tälimçiligindäki «Al Hilal» çempionatda bassyr 14-nji ýeňşini gazandy.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews