Akylly sport aýakgaby smartfona gözegçilik eder

SalamNews

18 Iýun, 2024

«Samsung» kompaniýasy aýakgap bazaryna ilkinji gezek girdi we ilkinji akylly sport aýakgaplaryny hödürledi. Günorta Koreýanyň korporasiýasy bilen Niderlandlardan bolan dizaýner Roel wan Hoffyň bilelikde smartfony uzakdan dolandyrmak üçin ulanyp boljak «Shortcut» krossowkasy dünýäde ilkinji şeýle mümkinçiligi özünde jemleýän aýakgapdyr. Bu barada «Samsung» kompaniýasynyň habarlar gullugy paýlaşdy.

«Shortcut» krossowkalary aradaşlygy ölçeýän ýörite datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulanyjy aýaklaryny gymyldadan wagty smartfonda belli bir hereket ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, aýakgap ýere urulanda, telefona jogap berip bolýar. Eger tans etseňiz smartfon saz açar.

Aýakgapda jemi 5 dürli hereket mümkinçiligi ýerleşdirilendir. Öndüriji soňlugy bilen aýakgaplaryň mümkinçilikleriniň giňejekdigi barada habar berýär.

«Shortcut» krossowkalaryny satyn almak aňsat bolmaz. Bu aýakgaplary Niderlandlarda 9-njy iýula çenli geçiriljek oýunda utup bolar. Onuň ýeňijileri 15-nji iýulda yglan ediler we jemi 6 jübüt aýakgap berler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews