«Ahal» Türkiýedäki okuw-türgenleşiginiň ahyrky duşuşygynda «Al-Arabi» toparyny ýeňdi

SalamNews

4 Awgust, 2023

«Ahal» Türkiýäniň Kartepe şäherinde geçiren nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygynda Kuweýtiň Premýer ligasynyň wise-çempiony «Al-Arabi» toparyny ýeňlişe sezewar etdi — 1:0.

Serdar Geldiýewiň şägirtleri bu ýeňşe dartgynly duşuşykdaky ynamly we sazlaşykly çkyşlarynyň esasynda ýetdiler. Duşuşykda diňe «Ahalyň» ýarymgoragçysy Alibek Abdyrahmanowyň 30-njy minutda geçiren goly bellige alyndy.  

27-nji iýulda «Ahal» Saud Arabystanynyň «Al-Faýsali» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiripdi. 3:2 hasabynda türkmen toparynyň peýdasyna jemlenen oýnuň hem ýeňiş goluny A.Abdyrahmanow geçiripdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça häzirki çempiony bolan «Ahalyň» iki möwsümiň aralygyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji awgustda tamamlanýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews