Türkmenistanyň futbol çempionaty: 26-njy tapgyryň netijeleri

SalamNews

15 Dekabr, 2022

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen «Ahal» bilen «Köpetdagyň» arasyndaky duşuşyk deňme-deň ýagdaýda jemlendi — 1:1. Bu duşuşykda «Ahaldan» Selim Nurmyradow (51) tapawutlansa, Şöhrat Söýünow (33) topy öz derwezesine gönükdirdi. Şeýlelikde, eýýäm ýeňşe ýeten «Ahal» utuklaryny 70-e ýetirdi.

«Altyn Asyr» «Merwi» ýeňdi — 1:0. Oýnuň ykbalyny çözen ýeke-täk goly Altymyrat Annadurdyýew (45+2) geçirdi. «Nebitçi» bolsa «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.  Oýnuň ýeke-täk goluna Abdymuhammet Bäşimow (44) awtorlyk etdi.

«Şagadam» myhmançylykda «Merwden» üstün çykdy — 3:0. Bu duşuşykda Kerim Hojaberdiýewiň het-trigi (4, 33 (11 m.j.u.), 57) bellige alyndy.

Çempionatyň 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji dekabrda guralar. Tapgyr «Nebitçi» — «Energetik», «Aşgabat» — «Altyn Asyr», «Merw» — «Ahal», «Köpetdag» — «Şagadam» jübütleriniň oýunlaryny özünde jemlär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews