«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygynda «Al-Aýn» toparynyň garşysyna çykdy

SalamNews

4 Oktýabr, 2023

«Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçadaky tapgyrynyň ikinji duşuşygynda myhmançylykda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» topary bilen duşuşdy.

Oýun El-Aýn şäheriniň «Hazza Bin Zaýed» stadionynda geçirildi. Duşuşyk 4:2 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Türkmen toparyndan 58-nji minutda Elman Tagaýew tapawutlansa, şondan soňky — 85-nji minutda geçirilen gola Daýanç Meredow awtorlyk etdi. BAE-niň «Al-Aýn» toparynyň gollaryny Erik (4), Rahimi (32), Kojo Fo Do (41) hem-de Autonne (70) dagy geçirdi.

Şu oýun bilen «A» toparçanyň beýleki duşuşygy hem ýaýbaňlandyryldy. Onda «Al-Feýha» Özbegistanyň «Pahtakoryny» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.    

Ikinji tapgyrdan soň «A» toparçadaky klublaryň utuklary:

1.«Al-Aýn» (BAE) - 6;

2. «Ahal» (Türkmenistan) - 3;

3. «Al-Feýha» (Saud Arabystany) - 3;

4. «Pahtakor» (Özbegistan) - 0.

«Ahalyň» nobatdaky duşuşygy 24-nji oktýabrda geçirilip, türkmen topary «Pahtakoryň» garşysyna çykar. Oýun Özbegistanda geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews