Ähli duşuşykda gol geçirmegi başardy

SalamNews

9 Aprel, 2024

Italiýanyň çempionatynda 31-nji tapgyryň iň soňky oýnunda «Inter» topary myhmançylykda «Udineze» bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda «Udineze» 40-njy minutda Samaržiçiň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne hüjüm üstüne hüjüm eden «Inter» 55-nji minutda Hakan Çalhanoglunyň penalti goly bilen hasaby deňledi. Soňky minutlarda hüjümlerini hasam ýygjamlaşdyran «Inter» 90+5-nji minutda Fratteziniň goly bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şunlukda, «Inter» 2-nji ýerdäki «Milan» bilen arasyndaky 14 utuklyk aratapawudy saklamagy başardy.

«Inter» topary «Serie A»-da şu möwsümde geçiren ähli duşuşygynda gol geçirmegiň hötdesinden gelip, ol 31 tapgyrda gol salan ilkinji italýan kluby boldy. «Inter» topary şu möwsümde diňe 1 gezek utulyp, sentýabr aýynda «Sassuolodan» asgyn gelen milanlylar şondan bäri 25 duşuşykda ýeňilmedi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews