Abelmoş iýilýän — Aşgabadyň Botanika bagynyň täze ösümligi

SalamNews

10 Iyul, 2022

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň tohum bankynyň hünärmenleri, adatça, «Bamýa» ady bilen tanalýan abelmoş ekzotik ösümliginiň miwelerini ösdürip ýetişdirdiler.

Bu gök ekin Afrikadan başlap Gruziýa çenli köp ýurtlaryň aşhanasynda meşhurlyk gazandy. Türkmenistan üçin Malwalar (Malvaceae) maşgalasyna degişli bolan ösümlik täze, ekzotik görnüşdir.

Aşgabadyň Botanika bagynyň ylmy işgärleri iki ýyl bäri türkmen topragynda ösümligiň ösüşine gözegçilik edip gelýärler. Indi yssy tomsuň başlanmagy bilen, açyk meýdanda ekilen gyrymsy agaçlar miwe berip ugrady. Görnüşi ýaly, bamýa ýurdumyzyň güýçli kontinental howasyna çydamly, ýylylygy söýýän ösümlik bolup çykdy.

Hünärmenleriň pikiriçe, bamýa tagamy bilen ýurdumyzda giňden ýaýran gabak (kabaçki) ösümligini ýatladýar. Şeýle-de bolsa, bamýa has ýumşaklygy hem süýümlere baýlygy bilen tapawutlanyp, peýdaly maddalaryň mukdary üçin oňa «witaminleriň  gönezligi» diýilýär. Önümiň iýmitde yzygiderli ulanylmagy gan damarlaryny arassalamaga, holesteriniň derejesini durnuklaşdyrmaga we süňkleriň hem dişleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga kömek edýär. Galyberse-de, bamýa az kaloriýalylygy bilen bellidir, onuň miwesiniň 100 gramynda bary-ýogy 25 kkal bar.

Türkmen botanikleri ýurdumyzda entek tanalmaýan täsin ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegi artdyrmak boýunça Diýarymyzyň oba hojalyk işgärleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda dükanlaryň tekjelerinden bamýanyň ýurdumyza daşyndan getirilen duzlanan miwelerini tapyp bolýar. Belki, ýakyn geljekde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen miweler bu önümiň importynyň ornuny çalyşmak üçin esas bolup hyzmat eder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews