Taryhda 9-njy ýanwar

SalamNews

9 Ýanwar, 2023

1799-njy ýyl. Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Uilýam Pitt Kiçi dünýäde ilkinji bolup resminamalarda tassyklanan girdejilere salgyt saldy.

1878-nji ýyl. Bihewiorizmiň esaslandyryjysy Jon Brodes Uotson dünýä inýär. Ol geçen asyryň psihologiýasynyň ösüşini kesgitlän adamdyr.

1890-njy ýyl. Meşhur ýazyjy, fantaziýa žanrynyň ussady Karl Çapek dünýä inýär.

1913-nji ýyl. ABŞ-nyň 37-nji Prezidenti Riçard Nikson dünýä inýär.

1932-nji ýyl. Meksikanyň günortasyndaky sapotekleriň gadymy Monte-Albana şäherinden XIII asyra degişli bolan hazyna tapylýar. Bu adam tarapyndan tapylan hazynalaryň arasynda iň gadymylarynyň biridir.

1945-nji ýyl. Lewon Ter-Petrosýan dünýä inýär. Ol garaşsyz Ermenistanyň ilkinji Prezidenti bolmagy başardy.

1951-nji ýyl. BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynyň binasy resmi taýdan açylýar.

1978-nji ýyl. Futbol boýunça Dünýä çempiony Jennaro Gattuzo dünýä inýär.

2007-nji ýyl. Ilkinji «iPhone» smartfonlarynyň görkezilişi bolýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews