50 ýyllap adada ýeke ýaşan angliýaly

SalamNews

4 Aprel, 2023

50 ýyllap ilatsyz adada ýeke ýaşan Brendon Grimşou atly angliýaly 1962-nji ýylda, heniz 36 ýaşyndaka Seýşel adalarynyň biri bolan Muaýen atly kiçijek adany 13 müň dollara satyn alýar. Şeýdip, iňlis gazetleriniň birinde redaktor bolup işläp ýören Grimşou özüniň ähli işi-pişesini taşlap, ada hemişelik ýaşamaga gidýär.

Ol Rene Lafortin atly ýerli aborigen bilen täze jaý gurmaga başlaýar. Aborigen onuň bilen adada ýaşaman, diňe mahal-mahal kömek etmek üçin gelýär.

Brendon bilen Reneniň 39 ýyllap çeken yhlasly zähmeti adany jenneti künjege öwürýär.  Olar iki bolup, adada 16 müňden gowrak agaç ekýärler we 5 kilometr uzynlykda ýol gurýarlar, şeýle hem ada ullakan pyşdyllary getirýärler. Grimşou 2008-nji ýylda ada goraghana derejesini almagy başarýar we «Milli seýilgähiň bir bölegi» diýlip hasap edilmegini gazanýar. Şeýlelikde ada örän baý we täsirli adamlaryň eýe bolmak isleýän arzyly ýerine öwrülýär. Hatda Grimşonyň bir wagtlar 13 müň dollara satyn alan adasy üçin Saud Arabystanynyň şazadasy 50 million dollar hödürleýär. Emma adanyň eýesi şeýle uly puldan ýüz öwürýär.

Brendon Grimşou özüniň bu hereketini: «Men adanyň baýlaryň keýpine dynç alýan mesgenine öwrülmegini islämok. Ada hemme kişiniň hezil edip dynç alyp biljek milli seýilgähine öwrülse meniň üçin has gowy» diýip düşündirýär.

Ol şeýlelikde, giriş petegi üçin 12 ýewro baha kesip, syýahatçylara ada girmäge rugsat berip başlaýar. Gezelenjiň dowamynda syýahatçylary özüniň «Şadyýan Rojer» atly restoranyna hem çagyrýar. Haçan-da Brendon Grimşoudan: «Adada ýeke özüň ýaşamak ýalňyzlyga eltmeýärmi?» diýip soranlarynda, ol özüni häzir däl-de, bir wagtlar London ýaly uly şäherde ýaşan wagty ýalňyz duýandygyny aýdýar.

Grimşou 2012-nji ýyla çenli, tä aradan çykýança adasynda ýaşaýar. Ol şol wagta çenli Muaýeneniň ýeke-täk ýaşaýjysy bolupdy. Täsin ykbally Brendon Grimşou hakynda «A Grain of Sand» atly dokumental film surata düşürildi

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews