Türkmen klublarynyň bäşisi AFK-nyň ýaryşlarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän ygtyýarnamalara eýe boldular

SalamNews

18 Iýun, 2024

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda çykyş edýän klublaryň bäşisi Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2024/2025 möwsümlerinde geçiriljek kuboklarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän AFK-nyň ygtyýarlandyrmalaryny aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habarynda aýdylýar.

AFK-nyň ikinji derejeli bäsleşigi bolan «Çempionlar ligasy – 2» bäsleşigi ygtyýarlandyrmasyna «Altyn Asyr» hem-de «Ahal» toparlary eýe boldular. «Arkadag», «Aşgabat» «Nebitçi» toparlary bolsa AFK-nyň «Çagyryş Kubogy» bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny gazandylar.

«Klub ygtyýarlandyrmasy» halkara ýaryşyna gatnaşýan klublar üçin zerur bolup, ol günsaýyn täzelenýän futbol düzgünlerini kadalaşdyrmak üçin hökmany şertleri özünde jemleýär. Häzirki wagtda bu görkezijiler klublaryň bäş ugur boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrmak bilen bagly bolup durýar: sport, infrastruktura, iş üpjünçiligi, ýuridiki, ykdysady.

Klublaryň ygtyýarlandyrma boýunça strategik ugurlary şulardan ybarat:

  • Futbolda hil taýdan we hemme ugur boýunça netijeli ösüş gazanmak;

  • Klublara ösüş hem-de dolandyryş babatynda mümkinçilikleri döretmek;

  • Janköýerleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işleriniň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek üçin klublaryň sport infrastrukturasyny ýokarlandyrmak;

  • Geçirilýän ýaryşlaryň durnuklylygyny hem-de dogry alnyp barylmagyny goramak.

AFK-nyň resmi saýtynda çap edilen ygtyýarlandyrma laýyklykda, ýurdumyza wekilçilik edýän klublaryň ikisi AFK-nyň kubok bäsleşiklerinde çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Şonuň bilen bagly, paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary AFK-nyň «Çempionlar ligasy-2» bäsleşiginde, Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» topary bolsa «Çagyryş Kubogy» bäsleşiginde ýeňiş üçin göreşer.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews