Şu gün Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlar ýatlandy

SalamNews

22 Iýun, 2022

81 ýyl mundan ozal, hut şu günde adamzat taryhynda iň ýowuz uruşlaryň biri bolan Beýik Watançylyk urşy başlanypdy. 1418 günläp dowam eden bu gan döküşikli uruşda doganlyk ýurtlaryň 27 million töweregi ilaty wepat boldy.

Bu günde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlar ýatlanýar, olaryň ýadygärliklerine gül desseleri goýulýar. TASS agentliginiň habar bermegine görä, uruşda wepat bolanlary ýatlamak çäresi dünýäniň 30 ýurdunda geçirildi. Ýatlama çäresiniň esasy wakalary Moskwanyň Ýelohow ybadathanasynda guraldy. Bu ýerde duşmana garşy el-ele berip söweşen 15 döwletiň milli gahrymanlarynyň hormatyna 15 şem ýakyldy.

Millionlarça ykballary ýakan ganym urşuň ýatlamalary biziň ýüreklerimizde baky ýaşar!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews