21-nji ýanwarda Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler

SalamNews

12 Ýanwar, 2023

21-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler. Bu baradaky degişli Permana 11-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda,

  • Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ýerli wekilçilikli edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmak üçin teklip edilýän jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň garamagyna 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli hödürlemeli.

  • Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işleri utgaşdyrmaly, bu işlerde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli.

  • Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyny geçirmek bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýeleşdirmeli diýlip bellendi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews