Aşgabat şäherindäki bilelikdäki Türkmen-türk mekdebinde baýramçylyk çäreleri geçirildi

Baýram Artykow. SalamNews.

21 Maý, 2023

Türkiýe döwletinde Atatürküň hormatyna, ýaşlyk we sport gününe bagyşlanyp baýramçylyk bellenip geçildi. Bu möhüm sene mynasybetli 19-njy maýda Aşgabat şäherindäki bilelikdäki Türkmen-türk mekdebinde şowhunly dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Baýramçylyk çärelerine Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral hem gatnaşdy.

— Dabara işjeň gatnaşan myhmanlara we mekdep okuwçylaryna aýratyn hoşallyk bildirýärin. 19-njy maý garaşsyz Türkiýe Respublikasynyň yglan edilen günüdir. Şu ýyl bolsa bu baýramçylygy giň gerimde bellemegi makul bildik. Ynha, onuň çäklerinde Aşgabatdaky türkmen-türk mekdebinde taryhy wakany uly şatlyk bilen belleýäris. Atatürk biziň ýüreklerimizde aýratyn orun eýeleýär. Bizem ýurdumyzyň bagtly geljegi üçin jan aýaman zähmet çekeris — diýip ilçi belledi.

Atatürküň, ýaşlyk we sport gününiň 104 ýyllygyna bagyşlanan çäreler türk milli tanslary, sport ýaryşlary, gimnastika çykyşlary hem-de baýramçylyk konserti bilen utgaşyp gitdi.

Çäreleriň dowamynda sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary geçirildi.

Baýramçylyk purtsatlarynyň doly wideoşekillerine saýtymyzyň «Mediýa» bölüminde tomaşa edip bilersiňiz.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews