«Çelsi» Enzo Fernandesi transfer edip, APL-iň rekordyny täzeledi

SalamNews

1 Fewral, 2023

Ýewropada gyşky transfer möwsümi tamamlandy. Soňkuja minudyna çenli diýseň hereketli geçen soňky günde uly transfer wakalary boldy. Tomusdan soň gyşky transfer möwsüminiň hem lideri bolan «Çelsi» kluby rekord transferini amala aşyrdy.

Londonlylar «Benfikanyň» argentinaly ýarym goragçysy Enzo Fernandesi düzümine goşdy. «Çelsi» topary Argentinanyň Dünýä Kubogyny gazanmagyna uly goşant goşan 22 ýaşly ýarym goragçy üçin 121 million ýewrony «Benfika» toparyna berer.

Şunlukda, Enzo Fernandes Angliýanyň «Premier Ligasynyň» taryhyndaky iň gymmat transfer hökmünde hasaba alyndy. «Çelsi» topary Fernandes bilen 2031-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. «Benfika» topary Fernandesiň transferinden gazanan 121 million ýewrosynyň 34 million ýewrosyny oýunçynyň ozalky kluby «Riwer Pleýte» berer. «Benfika» Enzo Fernandesi geçen tomusda 10+8 million ýewro transfer edipdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews