Dünýäni gatýadan dikeldilýän energiýa bilen üpjün etmek üçin näçe pul gerek bolar?

SalamNews

7 Aprel, 2023

Milliarder Ilon Maskyň pikirine görä, dünýäni gaýtadan dikeldilýän energiýa bilen üpjün etmek üçin geljek 20 ýylda takmynan 10 trillion amerikan dollary möçberinde maýa goýum gerek bolar. Mask bu pikirini «Tesla Master Plan» atly resminamanyň 3-nji bölüminde beýan edipdir. Ýeri gelende bellesek, bütin dünýä üçin 20 ýylyň dowamynda 10 trillion amerikan dollary möçberinde serişde «tapmak» gaty bir uly kynçylyk däl.

Maskyň aýtmagyna görä, ýokardaky maýany gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmek üçin peýdalanmak, adamzat üçin tygşytly bolup biler. Sebäbi 20 ýylyň dowamynda şu wagtky uglewodorod çeşmelerinden energiýa öndürmek üçin 14 trillion amerikan dollaryny sarp etmeli bolar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligi üçin esasy desgalar — Gün batareýalaryny we ÝES-ny ornaşdyrmak üçin planetanyň umumy meýdanynyň 0,2 göterimi gerek bolar. Munuň bolsa, diňe gury ýeri hasaplasak, Italiýanyň ýa-da Polşanyň umumy meýdanyna deňdigi bellenmäge mynasypdyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews