Türkmenistanda «Wallet» işläp başlady

SalamNews

13 Iýun, 2024

«Apple» kompaniýasynyň «iOS» hem-de android enjamlary üçin «Wallet» innowasion gapjyk programmasynyň işe girizilmegi bilen Türkmenistanda sanly tehnologiýanyň täze döwri açylýar. Ýurdumyzyň ýaşaýjylary indi ykjam programma boýunça dürli kartlary, petekleri, talonlary we beýleki möhüm resminamalary goşup, wirtual gapjygyň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp bilerler.

«Iphone» üçin «iOS» hem-de android operasion ulgamyna niýetlenen «Wallet» bank kartlaryny, loýallyk kartlaryny, gonuş talonlaryny, çäreleriň peteklerini, arzanladyş kuponlaryny, sowgatlyk şahadatnamalary we beýleki köp artykmaçlyklary smartfonyňyzda saklamaga mümkinçilik berýär. Ähli maglumatlar ygtybarly howpsuzlyk ulgamlary bilen goralýar we ol internete birikdirilmezden hem elýeterlidir.

«Wallet» fiziki kartlara we kagyz resminamalara zerurlyk bolmazdan, Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň syýahat etmegine we gapjyklarynda hem-de jübülerinde boş ýer açmagyna mümkinçilik döredýär.

Şeýle-de bolsa, «Wallet» programmasynyň ähmiýeti diňe sarp edijilere amatly bolmak bilen çäklenemýär. Ol dürli işjeňlikdäki kärhanalar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar. Kompaniýalar müşderileriň ýörite elektroniki loýallyk kartlaryny, talonlaryny, pasportlaryny «Wallete» göçürip almaklary üçin petek berip bilerler, munuň özi maksatly bildirişler arkaly goşmaça aragatnaşyk kanalyny açýar.

Türkmenistanyň bazarynda elektron «Wallet» tehnologiýasyny wagyz etmek, ýurtdaky OSMI kartlaryň resmi wekili «Erkin binýat» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Ol müşderi gatnaşyklaryny dolandyrmak (CRM) we kärhana çeşmelerini meýilleşdirmek (ERP) ulgamlary bilen gapjyk integrasiýasynyň çözgütleri boýunça ýöriteleşen OSMI kartlar, innowasiýa we hyzmaty gowulaşdyrmak ugrundaky tagallalary tassyklaýar.

«Walletiň» Türkmenistanda satuwa çykarylmagy ýurtda ykjam töleg ulgamlaryny we sanly tehnologiýalary ösdürmekde möhüm ädimdir. Bu başlangyç diňe bir ýerli işewür toparlary üçin has amatly we ekologiýa taýdan arassa hyzmatlary bermek bilen çäklenmän, eýsem, hemmeleriň degişli mümkinçiliklerden has aňsat we ygtybarly peýdalanyp, harytlary we hyzmatlary mahabatlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Has giňişleýin maglumat almak üçin:

+99364 423626 +99362 479888;

zafar@erkinbinyat.com

 

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews