«Greengo & AGG lighting» dükanyna yşyklandyryş enjamlarynyň täze ýygyndysy geldi

SalamNews

12 Iýun, 2024

1

«Greengo & AGG lighting» dükanyna meşhur «AGG lighting» yşyklandyryş brendinden täze yşyklandyryş enjamlary gelip gowuşdy. Bu ýerde size ýerde goýulýan hem stol çyralary, lýustralar, bra çyralary, lampalar, LED zolaklary, futuristik lýustralar, spot çyralary, jaý we howly üçin ýerde goýulýan çyralar ýaly köp sanly önümler hödürlenýär.

Bu yşyklandyryş enjamlarynyň her biri islendik ýapyk binada ýa-da daşarda özboluşly atmosfera döretmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman tendensiýalary we tehnologiýalary göz öňünde tutulyp döredildi.

Otaga ajaýyp we döwrebap görnüş berýän futuristik lýustralara hem-de LED zolaklara aýratyn üns berilmelidir. Spot çyralary we ýerde goýulýan yşyklandyryş enjamlary baglary hem howlulary yşyklandyrmak, arassa howada rahatlyk we amatlylyk döretmek üçin diýseň ýerine düşen önümdir.

Garry Kulyýew köçesindäki «Peýkam» binasynyň birinji gatynda ýerleşýän dükanda täze kolleksiýanyň nusgalaryny görüp bilersiňiz.

Mundan başga-da, «Greengo & AGG lighting» yşyklandyryş dükany birnäçe önümlerine arzanladyş yglan edýär. Munuň özi ýokary hilli yşyklandyryş enjamlaryny bäsdeşlik bahalaryndan satyn almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Öýüňize yşyklandyryş enjamlaryny saýlanyňyzda aşakdaky salgylarda ýerleşýän «Greengo & AGG lighting» dükanlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:

Garry Kulyýew köçesi, «Peýkam» binasy, birinji gat, 96-njy dükan.

«Altyn Asyr Gündogar» bazary, 2374

Telefon belgileri:

14-52-52

16-52-52

Instagram:

@agg.lighting

@greengo.lighting

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews