«CERAC» Türkmenistandaky taslama ofisindäki boş iş orunlary üçin bäsleşik yglan edýär

SalamNews

14 Iýun, 2024

1

«CERAC» (Central Asian Regional Economic Cooperation) Merkezi Aziýanyň 5 döwletiniň başlangyjy bilen Ýewropa Komissiýasynyň goldawy esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Merkezi Aziýanyň daşky gurşaw boýunça sebit merkeziniň taslama ofisiniň assistenti wezipesi üçin bäsleşik yglan edýär.

Türkmenistandaky «CERAC» taslama ofisinde kömekçi wezipesine dalaşgärlerden edilýän talaplar:

  • Ykdysadyýet we/ýa-da maliýe we/ýa-da dolandyryş (adminstrasiýa) boýunça ýokary bilim;

  • Azyndan 3 ýyl iş tejribesi (Halkara guramalaryndaky iş tejribesi artykmaçlyk berip biler);

  • 1С buhgalteriýa barada bilim;

  • Iňlis we rus dillerini erkin bilmek (Türkmen dilini bilmek);

  • Toparlaýyn işlemek ukyby, köpçülikleýin aragatnaşyk başarnyklary we hyjuwy;

  • Analitik pikirlenmesi ösen;

  • Kompýuter başarnyklary we «MC Office» (word, Excel) programmalarynda gowy işläp bilýän. 

Wezipäniň iş jogapkärçilikleri

«CERAC-iň» içki tertibine laýyklykda, kömekçi Türkmenistandaky «CERAC» taslama ofisiniň ýolbaşçysynyň göniden-göni gözegçiliginde işlemeli we aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirmeli:

  • Ofis işleri;

  • Baş edara bilen özara gatnaşyk işleri;

  • «CERAC-iň» logistik goldawy işleri.

Gyzyklanýan dalaşgärlerden rezýumeniň we höweslendiriş hatynyň 30-njy iýuna çenli aşakdaky e-poçta salgylaryna iberilmelidigini ýatladýarys: hrmanager@carececo.org. turkmenistan@carececo.org

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews