Bu gezek Afrikada: «Ýüpekçi» «Food & Beverage West Africa 2024» sergisine çykdy

SalamNews

12 Iýun, 2024

Işewürlik dünýäsine uzaýan her bir ädim — bu halkara giňişligindäki ornuňy pugtalandyrmak hem-de gözýetimiňi giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilik. Nigeriýanyň Lagos şäherinde ýaýbaňlandyrylan «Food & Beverage West Africa 2024» sergisi Türkmenistandan «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär. 11 — 13-nji iýun aralygynda geçirilen forumda türkmen kompaniýasy ekzotika bilen dinamikany utgaşdyrýan alkogolsyz içgileriniň giň toplumyny tanyşdyrdy.

Hödürlenen önümleriň hatarynda kärhananyň täze «Mango-kokos» hem-de «BOLD ENERGY» içgileri aýratyn ünsi çekdi. Eksport etmek maksady bilen öndürilen önümler gaýtalanmajak tagamy hem-de ýokary hili bilen tapawutlanýar.

Häzirki wagtda «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Gruziýa, Täjigistan, Belarus, Saud Arabystany we Mali ýaly döwletleriň birnäçesinden bolan eksportçylar bilen hyzmatdaşlyk edýär. «Food & Beverage West Africa 2024» sergisine gatnaşmagy kompaniýanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegine, Günbatar Afrika hem-de beýleki sebitler bilen hyzmatdaşlyk boýunça iş aragatnaşygyny pugtalandyrmagyna oňyn täsirini ýetirer.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlary:

Telefon: (+993) 566 5-03-65

Email: info@yupekchi.com

Saýt: www.yupekchi.com

Instagram sahypasyna ýazylyň: @bold.drinks, @bulvar.mineral, @pokgijuice

«Food & Beverage West Africa 2024» sergisi dünýäniň azyk we içgi senagatynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Çünki ol täze önümleri görkezmekde, tejribe alyşmakda we işewürlik aragatnaşygyny pugtalandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikleri açýar. Ajaýyp foruma «Ýüpekçiniň» gatnaşmagy bolsa onuň halkara bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak we ösdürmek islegini tassyklaýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews